Türkmenistan Brýusselde GS1 Global forumyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan Brýusselde GS1 Global forumyna gatnaşdy
GS1 Global forum her ýyl guramanyň bitewi strategiýasyny ylalaşmak, innowasiýalary girizmek we dünýä boýunça GS1-iň işgärlerini berkitmek maksady bilen geçirilýär.

Belgiýanyň paýtagty Brýussel şäherinde 17-21-nji fewral aralygynda GS1 Halkara guramasynyň Global forumy geçirildi. Bu foruma türkmen tarapyndan “GS1 Türkmenistan” guramasynyň başlygy Aýkamar Mälikgulyýewa gatnaşdy.

GS1 Global forum her ýyl guramanyň bitewi strategiýasyny ylalaşmak, innowasiýalary girizmek we dünýä boýunça GS1-iň işgärlerini berkitmek maksady bilen geçirilýär.

Forumyň gün tertibine umumy we sebit maslahatlary, GS1 halkara gurmasynyň global edaralarynyň we milli guramalarynyň wekilleriniň duşuşyklary, iş toparlarynyň we seminar ýolbaşçylarynyň mejlisleri, şeýle-de GS1 ulgamyndan peýdalanýan iri kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň çykyşlary girizildi.

Forumda geçirilen maslahatlaryň we duşuşyklaryň barşynda gatnaşyjylar häzirki döwürde sanly ulgama geçmek mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de maglumat alyş-çalşygynyň global görnüşi we geljegi boýunça pikir alyşdylar.

GS1 bütin dünýäde kompaniýalara öndürijiden satyn alyja ýetirmek boýunça global bir ölçege getirilen standartlary we çözgütleri netijeli peýdalanmak arkaly öz telekeçilik işini ynamly alyp barmaga kömek edýän halkara guramadyr.

Türkmenistanda GS1 guramasy 2014-nji ýylda döredildi. 2015-nji ýylda GS1 Halkara guramasyna agza bolan Türkmenistana şol ýyl “483” prefiksi bölünip berildi.

Häzirki wagtda 112 gurama GS1-iň agzasy bolup durýar. GS1 bütin dünýä boýunça 2 milliondan gowrak kompaniýa üçin umumy standartlary işläp taýýarlaýar. 150 ýurtda ykdysadyýetiň 25 pudagy GS1 standartlary peýdalanýar. Her günde bütin dünýäde 5 milliarddan gowrak çyzykly belgiler skanirlenýär.

2022