Dubaýda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň göçme forumy başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Dubaýda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň göçme forumy başlady
Dubaý şäherinde “TOPH gazgeçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gazgeçirijisidir” atly Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň göçme forumy başlady. (Surat: “Atawatan Türkmenistan”)

Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde duşenbe güni “TOPH gazgeçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gazgeçirijisidir” atly Halkara maslahaty hem-de Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maliýe goýumlaryny çekmek boýunça iki günlük göçme forumy öz işine başlady. Bu barada “Atawatan Türkmenistan” žurnalynyň resmi saýty habar berýär.

Forumyň ilkinji plenar sessiýasyny Türkmenistan-Beýik Britaniýa söwda we senagat edarasynyň başlygy Ron Naş alyp bardy.

Plenar sessiýasynda çykyş eden Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ýagşygeldi Kakaýew daşary ýurtly maýadarlary ýurduň nebitgaz hem-de gazhimiýa pudaklaryna maýa goýmaga çagyrdy.

Şeýle hem forumda çykyş eden Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow “Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleri” atly mowzuk bilen çykyş edip, ýurduň bu ugurdaky ýeten sepgitleri bilen daşary ýurtly maýadarlary tanyşdyrdy.

Maslahatda “TAPI Pipeline Company Ltd” konsorsiumynyň ýolbaşçysy Muhammetmyrat Amanow “TOPH – parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň açary” atly mowzuk bilen çykyş edip, TOPH gaz geçirijisiniň sebitdäki ähmiýeti barada maglumat berdi.

Forumyň ilkinji sessiýasynda Türkmenistanyň BAE-däki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Serdarmämmet Garajaýew, BAE-niň elektrik energiýasy we suw hojalygy edarasynyň başlygy Saeed Al-Taýer, Owganystanyň Prezidentiniň maliýe we bank ulgamy boýunça ýokary derejeli geňeşçisi Ajmal Ahmadi çykyş etdi.

Göçme forumyň ikinjisi 2020-nji ýylyň 7-8-nji iýul aralygynda London şäherinde geçiriler.

2022