Türkmenistanyň ähli guramalary elektron ulgamyny döreder

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň ähli guramalary elektron ulgamyny döreder
Türkmenistanyň ähli ministrlikleri, pudak edaralary, hukuk görnüşine garamazdan beýleki edara-kärhanalary öz web-saýtlaryny we elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döreder.

Türkmenistanyň ähli ministrlikleri, pudak edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri we hukuk görnüşine garamazdan beýleki edara-kärhanalary öz web-saýtlaryny we elektron resminama dolanyşygy ulgamyny döreder.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde elektron ulgamyna degişli Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine guramaçylyk hukuk görnüşine garamazdan, edaralara, kärhanalara we guramalara, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslara-hususy telekeçilere elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary bellenen tertipde döretmegi, işe girizmegi we olaryň yzygiderli işjeň täzelenip durulmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

Döwlet Baştutany bu işlere 2020-nji ýylyň mart aýynda başlamagy we elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlaryny 2021-nji ýylyň ýanwar aýyna çenli işe girizmegi belledi.

Bu Karara 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmagyň birinji tapgyrynda hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020–2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen gol çekildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň netijelerini jemläp, hökümet agzalarynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriniň biri bolan milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly ulgama geçirmek işini çaltlandyrmagy nygtady.