Maryda türkmen nebitgaz pudagy üçin täze mekdep açyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Maryda türkmen nebitgaz pudagy üçin täze mekdep açyldy
Täze okuw binasynda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, amaly okuwlary geçmek üçin okuw otaglarynyň 16-sy döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir.

Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde anna güni “Türkmengaz” döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň täze binasynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Täze okuw binasynyň umumy meýdany 3 müň inedördül metre golaý bolup, ol 240 okuwça niýetlenendir. Binada ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, amaly okuwlary geçmek üçin okuw otaglarynyň 16-sy döwrebap enjamlar bilen üpjün edilendir.

Täze okuw binasynda talyplar dört ugur boýunça bilim alarlar:

  • mehanika (maşyn gurluşygyň tehnologiýasy);
  • senagat enjamlary (senagat abzallaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak);
  • elektrik (elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy);
  • informasiýa we hasaplaýyş tehnikasy (maglumat ulgamlary).

Häzirki wagtda Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy üçin geljekki hünärmenleriň 1,900 sanysy bilim alýar. Diňe ugurdaş hünärler we sanly tehnologiýalar boýunça okuw mekdebi her ýyl ýaşlaryň 700 sanysyny kabul edýär. Şol ýaşlar 18 hünär boýunça bilim alýarlar.

Täze desga “Türkmengaz”-yň buýurmagy boýunça Koreýa Respublikasynyň maýa goýumynyň gatnaşmagynda, hususan-da, bu ýurduň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň maýa goýmagynda “Çyzgy” hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi.