Halkara bilermenler türkmen metbugat wekilleri bilen tejribelerini paýlaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Halkara bilermenler türkmen metbugat wekilleri bilen tejribelerini paýlaşdy
Seminarda Beýik Britaniýadan we Polşadan gelen halkara bilermenler sanly döwürde metbugat-gulluklarynyň ähmiýetleri, jemgyýetçiligi habardar etmegiň onlaýn gurallary barada çykyş etdiler.

Aşgabat şäherinde sişenbe güni döwlet edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň (KHBS) arasynda netijeli özara hereket etmegiň başarnyklary boýunça iki günlük seminar öz işine başlady.

Seminar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan gurnaldy.

Beýik Britaniýadan we Polşadan gelen halkara bilermenler sanly döwürde metbugat-gulluklarynyň ähmiýetleri, jemgyýetçiligi habardar etmegiň onlaýn gurallary, döwlet edaralarynyň kommunikasion strategiýalary we täzelik-habar işiniň beýleki möhüm meseleleri bilen birlikde, bu derwaýys işiň giň toplumyny beýan etdiler.

Seminaryň açylyşynda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň Başlygy hanym Natalýa Drozd Türkmenistanda ösüşiň sanly ulgamyna geçilmegi, şol sanda täze hökümet web-saýtlarynyň döredilmegi we hereket edýänleriniň kämilleşdirilmegi nukdaýnazardan bu okuwyň derwaýyslygyny we ähmiýetliligini aýratyn belläp geçdi.

Diplomat şeýle-de bu okuw kursunyň maksadynyň maglumat-habar işiniň gymmatlyklarynyň we standartlarynyň kesgitlenilmeginden, onlaýn-KHBS-de işlemek endikleriniň ýokarlandyrylmagyndan we metbugat-maslahatlaryny geçirmegiň hem-de dürli tema boýunça metbugat-relizlerini düzmegiň usullarynyň kämilleşdirilmeginden ybaratdygyny aýratyn nygtady.

Seminara ÝHHG-nyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH), Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri, şol sanda ýurdumyzyň milli hem-de garaşsyz KHBS-niň hünärmenleri gatnaşdylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022