“Baýly-Gurluşyk” hususy kärhanasy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň taslamasyny düzer hem-de olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gurluşyk işlerine başlamak boýunça Karara gol çekdi.
Ýurduň çäginde birnäçe desgalaryň gurluşygyna gatnaşan “Baýly-Gurluşyk” täze toplumy Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda bina eder.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin ýokary taýýarlykly döwlet ýolbaşçylaryny we gullukçylaryny, şeýle hem döwlete degişli bolmadyk edaralar üçin hünärmenleri taýýarlaýar.
Döwlet gullugy akademiýasynyň binalar toplumynyň gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň mart aýynda başlamak we toplumy 2022-nji ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.