“Türkmenaragatnaşyk” agentligi “Sanly çözgüt–2020” atly bäsleşik geçirer

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmenaragatnaşyk” agentligi “Sanly çözgüt–2020” atly bäsleşik geçirer
“Sanly çözgüt – 2020” atly bäsleşik saglygy goraýyş, ylym we bilim, senagat, ulag hem-de aragatnaşyk, hyzmatlar ulgamy, orta we kiçi telekeçilik hem-de “akylly” şäher ýaly ýedi ugur boýunça geçiriler.

Türkmenistanyň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi “Sanly çözgüt – 2020” atly bäsleşigi geçirmegi meýilleşdirýär.

Göz öňünde tutulýan bäsleşik saglygy goraýyş, ylym we bilim, senagat, ulag hem-de aragatnaşyk, hyzmatlar ulgamy, orta we kiçi telekeçilik hem-de “akylly” şäher ýaly ýedi ugur boýunça geçiriler.

Bäsleşigiň jemleri şu ýyl XIII gezek gurnalmagy meýilleşdirilýän “Türkmentel – 2020” halkara sergisiniň çäklerinde jemlener.

Bäsleşigiň maksady ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekden, ýaş nesilleriň döwrüň ösen talabyna laýyklykda bilimli bolmagy üçin zerur şertleri döretmekden, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmakdan, sanly bilimi ornaşdyrmakdan, ykdysadyýete we beýleki pudaklara innowasion serişdeleri çekmekden ybaratdyr.

“Türkmenaragatnaşyk” sanlaşdyrmagy işjeňleşdirmek, ähli ulgamlaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek, şol sanda milli ulgamlaýyn giňişligi, Internet hyzmatlarynyň ugurlaryny giňeltmek işine kanunçylyk taýdan goldaw bermek babatda wezipeleri ýerine ýetirýän döwlet agentligidir.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022