Ýüzärlik türkmen halk tebipçiliginde ýokanç kesellere garşy ulanylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ýüzärlik türkmen halk tebipçiliginde ýokanç kesellere garşy ulanylýar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýüzärligiň ysyndan bakteriýalaryň, zyýanly mör-möjekleriň gaçýandygy bireýýäm subut edilendigi aýdyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýüzärligiň tüssesiniň ýylyň belli bir wagtynda döreýän birnäçe ýokanç keseliň öňüni alýandygy, onuň adamlaryň bedeninde kesele durumlylygyň berkidilmegini üpjün edýändigi ylmy taýdan ykrar edilendigi hakynda bellenip geçildi.

Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly anna güni geçirilen mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Müňýyllyklaryň dowamynda pederlerimiz ýaramaz endiklere garşy durmagyň, dürli ýokanç keselleriň öňüni almagyň subut edilen netijeli milli usullaryny döredipdirler” diýip aýtdy we häzirki döwürde mukaddes ösümligi tütetmek arkaly ýagşy dessurlaryň häzirki zamanyň ruhuna laýyk derejede dowam edýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Mejlisiň barşynda türkmen Lideriniň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy işinde aýratyn orun berlen bejerijilik häsiýetli ýüzärligiň adam saglygy üçin aýratyn ähmiýetlidigi bellendi.

Häzirki döwürde asyrlaryň dowamynda bejerijilik häsiýeti bolan ýüzärlik birnäçe keselleriň garşysyna ulanylýan serişde hökmünde bellidir. Ol häzirki zaman lukmançylygynyň bejeriş işinde giňden ulanylýar.

Ýüzärligiň ysyndan bakteriýalaryň, zyýanly mör-möjekleriň gaçýandygy bireýýäm subut edilendigi, muňa bu ösümligiň otundaky we tohumyndaky alkaloidleriň örän güýçli täsiri sebäp bolýandygy mejlisde agzaldy.

“Häzirki döwürde Türkmenistanda lukmançylygyň nyşanynda ýüzärligiň şekiliniň ýerleşdirilmegi tötänden däldir. Ol türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylykda köp sanly keselleriň öňüni almak we olary bejermek babatda giňden ulanylýar” diýip, türkmen Lideri belledi. “Dürli görnüşli, göze görünmeýän wiruslaryň adam bedenine aralaşmagynyň öňüni almakda ýüzärlik tüssesiniň netijelidigini köp asyrlaryň durmuş tejribesi subut etdi”.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany halkyň ýüzärlik tütetmek däbiniň häzirki döwürde dünýäde emele gelen çylşyrymly pursatlarda aýratyn ähmiýetlidigine ünsi çekip, wise-premýer Pürli Agamyradowa we ýurduň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri Nurmuhammet Amannepesowa ilat arasynda degişli wagyz işlerini hemmetaraplaýyn guramagy tabşyrdy.