Hazaryň astyndan geçiriljek optiki-süýümli ulgam sebitleýin hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Hazaryň astyndan geçiriljek optiki-süýümli ulgam sebitleýin hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrar
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekilleriniň pikirine görä, täze optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmekde wajyp ähmiýete eýedir.

Hazar deňziniň düýbünden Türkmenistan-Azerbaýjan ugry boýunça optiki-süýümli kabel çekiler we bir optiki süýüm boýunça birnäçe maglumat kanallaryny birlikde geçirmäge mümkinçilik berýän kabul ediji-geçiriji DWDM enjamy gurnalar.

Iki ýurduň hökümetleriniň arasyndaky degişli Ylalaşyk Aşgabatda 2019-njy ýylyň noýabr aýynda gol çekilipdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Baku şäherine şu ýylyň 11-nji martynda amala aşyrylan saparynyň dowamynda bolsa, “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen “Azertelecom” jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetiniň arasynda Hazar deňziniň astyndan Türkmenistan-Azerbaýjan ugry boýunça optiki-süýümli ulgamynyň gurluşygy, eýeçiligi we ulanylyşy boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Şeýle-de bu innowasion taslamany durmuşa geçirmek üçin düzümine iki ýurduň hünärmenleri girjek iş toparyny döretmek hakynda ylalaşyklar gazanyldy.

“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň wekilleriniň pikirine görä, täze optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny ösdürmekde wajyp ähmiýete eýe bolup, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň bu ugurdaky gepleşikleriniň, şeýle-de sebitleýin hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine ýardam eder. Hyzmatdaşlyk gatnaşyklary tejribe we bilimleri alyşmak, maglumat işini kämilleşdirmek üçin binýada öwrüler.

Häzirki günde maglumaty geçirmegiň iň çalt tehnologiýasyndan peýdalanyp, türkmen hünärmenleri Ýewropa ýurtlary bilen ýokary tizlikli internet birikmelerini işjeňleşdirip biler we iň täze kabul ediji-geçiriji enjamyň kömegi bilen ýüzlerçe kilometrlere uzaýan aralyklara maglumatyň köp möçberini iberip biler.

Şunuň bilen birlikde Ýewropa ugurlaryna olar diňe özleri çykman, eýsem maglumaty, interneti we sesi ugratmak üçin Özbegistan, Gazagystan, Eýran we Owganystan ýaly ýurtlara üstaşyry teklip eder. Şunda ugradylýan maglumatlaryň möçberi birnäçe esse artar we maglumat akymlary üçin ätiýaç kanallary peýda bolar. 

2022