Türkmenistan: ýük gatnawlary boýunça wagtlaýyn Düzgünnama taýýarlandy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan: ýük gatnawlary boýunça wagtlaýyn Düzgünnama taýýarlandy
24-nji martdan başlap, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelen islendik görnüşdäki, şol sanda tranzit ýükler ulagsyz we sürüjisiz ýagdaýda gämi arkaly iberilmelidir.

24-nji martdan başlap, Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän Garabogaz we Farap gümrük nokatlaryndan awtoulag ýollary arkaly Türkmenistana girýän we ýurtdan tranzit geçýän ýükler türkmen ýük gatnadyjylary tarapyndan daşalar. Bu barada Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasyna salgylanyp, Türkiýäniň Halkara ýük daşaýjylar guramasy (UND) habar berýär.

Agzalýan gümrük nokatlaryna gelen daşary ýurtly gatnadyjylara degişli ulaglaryň tirkeglerindäki ýükler Türkmenistanyň çäginde kesgitlenen ýörite ýerlerde el degrilmezden türkmen ulaglaryna geçiriler.

Maglumata laýyklykda, duşenbe gününe çenli Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelen daşary ýurt ýük gatnadyjylary öz tirkeglerini türkmen ulaglary arkaly Türkmenistana getirmek ýa-da onuň çäginden tranzit daşamak üçin portuň çäginde kesgitlenen ýörite ýerde goýup bilerler. Daşary ýurt ýük ulaglaryna eýeçilik edýän taraplar öz ulaglarynyň we sürüjileriniň deňiz ýoly arkaly öz ýurtlaryna dolanmagyny üpjün etmelidir.

24-nji martdan başlap, Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna gelen islendik görnüşdäki, şol sanda tranzit ýükler ulagsyz we sürüjisiz ýagdaýda gämi arkaly iberilmelidir.

Türkmenistanyň çäginden geçýän halkara multimodal ugurlary netijeli işletmek maksady bilen, deňiz we gury ýer transportlaryny ulanmak arkaly ýükleriň konteýner we demir ýol wagonlary bilen daşalmagy maslahat berilýär.

Gazagystanyň ýa-da Özbegistanyň üsti bilen tranzit geçiriljek ýükler türkmen ulaglary arkaly şol ýurduň serhedine çenli eltiler. Gümrük nokatlaryndan bolsa, tranzit geçjek ýurtlaryň ulaglary ýükleri kabul ederler. Şeýlelikde, daşary ýurtly ulaglar Türkmenistanyň çägine girmeýär we türkmen ulaglary ýurduň çäginden çykmaýar.

Häzirki wagtda Aşgabat (+99365647471), Baku (+994502900301) we Daşkent (+998901297455) şäherlerindäki nokatlar maglumat almak üçin gyssagly jaň ediş belgileri bilen üpjün edildi.