“Türkmengaz” bilen “Mitsubishi” harytlyk gazy öndürýän kärhanany gurmagy meýilleşdirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Türkmengaz” bilen “Mitsubishi” harytlyk gazy öndürýän kärhanany gurmagy meýilleşdirýär
“Mitsubishi Corporation” 1950-nji ýylda esaslandyryldy. (Surat: “Reuters”)

“Türkmenhimiýa” we “Türkmengaz” döwlet konsernlerinde anna güni wideoaragatnaşyk arkaly Ýaponiýanyň “Mitsubishi Corporation” kompaniýasynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi. Onuň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meseleleri hem-de himiýa we nebitgaz senagatynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary maslahatlaşyldy.

Gepleşikde nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, “mawy ýangyjy” eksport etmegiň köpşahaly düzümini we tebigy gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen, polimer hem-de beýleki gazhimiýa önümleriniň önümçiligi boýunça innowasion senagat toplumyny döretmek onuň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy aýdyldy.

Onlaýn görnüşindäki duşuşykda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy öndürmek boýunça kärhananyň deslapky tehniki taslamasyny taýýarlamak meselelerine garaldy. Bu desgany gurmak “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan özleşdirmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde meýilleşdirilýär.

Geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa bolan iş saparynyň çäklerinde resminamalar toplumyna, şol sanda “Mitsubishi Corporation” kompaniýasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ammiak we karbamid önümçiligi boýunça täze zawodyň gurluşygynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly resminama gol çekilipdi.

1950-nji ýylda esaslandyrylan “Mitsubishi Corporation” 2018-nji ýylyň sentýabr aýynda açylan “Garabogazkarbamid” zawodynyň gurluşygyna gatnaşypdy.

2022