Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 2 milliard manada golaýlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 2 milliard manada golaýlady
“Maşgala” bank kartynyň hasabyndaky galyndy pul serişdelerine hem “Altyn Asyr”, “Millikart” kartlarynda bolşy ýaly, ýyllyk 5% girdeji hasaplanylýar we tölenilýär.

2020-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda bankomatlaryň, terminallaryň, “Internet-bank”, “Mobil-bank” we “Elektron söwda” ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 1.9 milliard manada golaýlady, ýagny, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3.06 esse artdy.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni Dünýägözel Haýytowanyň “Türkmen gündogary” gazetinde sişenbe güni çap edilen makalasynda beýan edilmegine görä, häzirki wagtda bank kartlarynyň sany 4200.2 müňe, töleg terminallarynyň sany bolsa, 37.2 müňe ýetdi.

Häzirki wagta çenli bank ulgamy tarapyndan hödürlenilýän “Internet-bank” hyzmatyna birikdirilen müşderileriň sany 533.3 müňe golaýlady, “Mobil-bank” hyzmatyna birikdirilenleriň sany 20.1 müňden geçdi.

2020-nji ýylyň ilkinji dört aýynda kartly töleg ulgamynda nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçbere bolan gatnaşygy geçen ýylyň degişli döwrüne görä 2 esseden artyk ýokarlandy.

Türkmenistanda “Maşgala” bank karty hem hereket edip, ol “Altyn Asyr” ýa-da “Millikart” bank karty hasabyna birikdirilmek bilen, müşderiniň islegine baglylykda maşgalanyň agzalaryna, şol sanda, ýedi ýaşdan uly bolan çagalara açylýar.

Müşderiniň arzasy ýa-da “Internet-bank” ulgamy arkaly maşgalanyň her bir agzasy üçin aýratynlykda hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini kesgitlemäge mümkinçilik döredilendir. “Maşgala” bank kartynyň hasabyndaky galyndy pul serişdelerine hem “Altyn Asyr”, “Millikart” bank kartlarynda bolşy ýaly, ýyllyk 5% girdeji hasaplanylýar we tölenilýär.

2022