Germaniýa “Lufthansa” üçin $9.8 milliardlyk halas ediş şertnamasyny tassyklady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Germaniýa “Lufthansa” üçin $9.8 milliardlyk halas ediş şertnamasyny tassyklady
Bu ylalaşygyň netijesinde german hökümeti awiakompaniýanyň 20% paýyna we dolandyryş geňeşinde iki orna eýe bolar.

Germaniýanyň hökümeti duşenbe güni “Lufthansa” kompaniýasyny koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüze çykan “adatdan daşary ýagdaýdan” halas etmek üçin 9 milliard ýewrolyk (9,8 milliard dollar) şertnama baglaşandygyny mälim etdi.

Bu ylalaşygyň netijesinde german hökümeti awiakompaniýanyň 20% paýyna we dolandyryş geňeşinde iki orna eýe bolar.

Hökümetiň beýannamasynda “Pandemiýadan öň kompaniýa girdejilidi we oňyn geljekki ösüşleri bardy, ýöne “Lufthansa” koronawirus pandemiýasy sebäpli agyr ýagdaýa sezewar boldy” diýilýär. “Federal hökümetiň maliýe kömegi kompaniýanyň zerurlyklaryny, salgyt töleýjileriň we “Lufthansa” toparynyň işgärleriniň zerurlyklaryny göz öňünde tutýar”.

CNN-iň habar bermegine görä, Germaniýanyň Maliýe ministri Olaf Şolz duşenbe güni geçirilen metbugat ýygnagynda “Kompaniýa doly işlemäge başlan ýagdaýynda döwlet paýnamalaryny satar” diýip belledi.

Emma şertnama “Lufthansa”-nyň paýdarlary we Ýewropa Komissiýasy tarapyndan tassyklanmaly.

Tassyklanan ýagdaýynda bu Ýewropada awiakompaniýa berlen iň uly ýardam bolar. Geçen aý fransuz hökümeti “Air France” kompaniýasyna 7 milliard ýewro (7,66 milliard dollar) karz serişdesini bölüp berdi.

“Deutsche Lufthansa AG” Germaniýanyň iň uly awiakompaniýasydyr we golçur kärhanalary bilen bilelikde Ýewropada ýolagçy gatnadýan iň uly ikinji kompaniýadyr.

“Lufthansa”, şeýle hem 1997-nji ýylda döredilen dünýädäki iň uly awiasiýa bileleşigi bolan “Star Alliance”-yň esaslandyryjy bäş agzasynyň biridir.

2022