Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygynyň orunbasary, ylymlaryň doktory, professor Iwan Kuzmin bilen sişenbe güni geçirilen onlaýn gepleşikde oba hojalyk pudagynda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meselesine garaldy.
Ýurtda oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, tohumçylyk işiniň kämilleşdirilmegine, ýokary tehnologiýalaryň, oba hojalyk ylmynda iň soňky gazanylanlaryň ornaşdyrylmagyna, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, şol sanda ugurdaş daşary ýurt edaralary bilen gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýändigi gepleşikde nygtaldy.
Gepleşikde GDA-nyň tohumçylyk meseleleri boýunça Hökümetara utgaşdyryjy geňeşi bilen hyzmatdaşlyk bu ulgamda dünýäniň öňdebaryjy iş tejribesini ornaşdyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýandygy bellendi. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň degişli ylmy-barlag institutlary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Söhbetdeşlikde bugdaýyň, ýeralmanyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylly görnüşlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça tejribeler alyşmak üçin ileri tutulýan ugurlar görkezildi.