ABŞ Owganystan bilen Özbegistanyň serhedinde erkin ykdysady zolagyny döretmegi, şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde demir ýol ugurlaryny gurmagy we elektrik geçirijilerini kämilleşdirmegi goldaýar. Bu barada “RIA Nowosti” habar berýär.
ABŞ-nyň goldawy çarşenbe güni Döwlet sekretarynyň orunbasary Dewid Heýliň, Owganystanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri Muhammet Hanif Atmaryň hem-de Abdulaziz Kamilowyň gatnaşmagynda geçirilen wideo konferensiýasyndan soň kabul edilen bilelikdäki üçtaraplaýyn beýanatda öz beýanyny tapdy.
Taraplar öz beýannamasynda Owganystan bilen Özbegistanyň arasynda söwdany, şol sanda “Termez serhet geçelgesinde erkin ykdysady zolagyny” ösdürmäge ygrarlydyklaryny mälim edýärler.
Şeýle-de taraplar Özbegistan bilen Pakistanyň portlaryny birikdirýän demir ýolunyň gurluşygy, hususan-da, Mazary-Şerif–Hyrat–Bahramça we Mazary-Şerif–Kabul–Torham ugurlary bilen bagly meseleler boýunça hem pikir alyşmaga taýyndyklaryny bellediler.
Wideo konferensiýa gatnaşyjylar sebitleýin energetika pudagyndaky CASA-1000 (Merkezi hem-de Günorta Aziýada elektrik energiýasyny geçirmek we söwda ugry), Merkezi Aziýa elektrik energiýasynyň sebitleýin bazary (CAREM), Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz gazgeçirijisiniň we Surhan–Puli–Humri (Hoja-Alwan) ugry boýunça 500 kilowoltlyk elektrik tok geçirijisiniň gurluşygy ýaly maksatnamalary goldaýandyklaryny aýtdylar.