Türkmen-tatar gepleşiklerinde himiýa we senagat pudagyndaky taslamalara üns berildi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen-tatar gepleşiklerinde himiýa we senagat pudagyndaky taslamalara üns berildi
Gepleşiklerde Tatarystanyň “KAMAZ”, “Tatneft”, “KER-Holding”, “"Ak bars" Gämigurluşyk korporasiýasy” ýaly kompaniýalary bilen gatnaşyklara aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň sişenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Senagat we söwda ministri Albert Karimowyň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde gepleşik geçirildi.

Söhbetdeşlige gatnaşyjylar hukuk binýadynyň bolmagy netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny kanagatlanma bilen belläp, söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge özara islegiň bardygyny tassykladylar.

Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynda, şol sanda himiýa senagatynda, senagat pudagynda, bilim ulgamynda, ulag pudagynda geljegi uly maýa goýum taslamalary aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky ýyllarda Tatarystan Respublikasynyň “KAMAZ” JPJ, “Tatneft” JPJ, “Kazan dikuçar zawody” JPJ, “KER-Holding” JÇJ, “"Ak bars" Gämigurluşyk korporasiýasy” PJ ýaly iri ykdysady birlikleri bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilýändigine aýratyn üns berildi. Şeýle hem Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň üstünlikli işleýändigi bellenildi.

Duşuşykda türkmen tarapyna şonuň ýaly-da, “Türkmenhimiýa” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, “Türkmendeňizderýaýollary” we “Türkmenawtoulaglary” agentlikleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan ş.) Baş Konsuly hem wekilçilik etdiler.

2022