Türkmen mediasyny sanlylaşdyrmak boýunça rus bilermenleri bilen tejribe alşylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen mediasyny sanlylaşdyrmak boýunça rus bilermenleri bilen tejribe alşylýar
Maslahatda sanly ulgamdan peýdalanýan köpçülik hem-de sanly kontent, gazetleriň sanly ulgama geçmeginiň kanunalaýyklygy meseleleri boýunça pikir alşyldy. (Surat: “OSCE”)

Aşgabadyň “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda sişenbe güni wideomaslahat görnüşinde Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerini (KHBS) sanlylaşdyrmaga degişli teklipler boýunça iki günlük maslahat öz işine başlady. Ýurduň Medeniýet ministrligi we ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi söhbetdeşligiň guramaçylary bolup çykyş etdiler.

Halkara bilermenler – Russiýanyň telewideniýesiniň akademiýasynyň agzasy Anna Kaçkaýewa hem-de metbugat habar beriş serişdeleri ulgamynda Russiýanyň Kommunikasiýalar we aragatnaşyk ministrliginiň bilermenler geňeşiniň agzasy Ýuriý Purgin tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerini sanly ulgama geçirmek baradaky meseleler beýan edildi.

Hususan-da, sanly ulgamdan peýdalanýan köpçülik hem-de sanly kontent, gazetleriň sanly ulgama geçmeginiň kanunalaýyklygy, wirtual gurşawda hil taýdan täze önümleri tehniki taýdan goldamak we döretmek hem-de beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Metbugat habar beriş serişdeleriniň sanly ulgama geçirilmeginiň hem-de häzirki zamanyň sanly ulgama uýgunlaşmagynyň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň netijeleri boýunça türkmen tarapynyň teswirnamalaryny hem-de tekliplerini nazara alyp, hödürlenen teklipleri giňeltmek hem meýilleşdirilýär.

Türkmenistanda işlenilip taýýarlanylan 2020–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasynda döwürleýin metbugat neşirleriniň elektron görnüşe geçirilmegi hem göz öňünde tutulýar.

2022