Her ýylyň 5-nji iýuny Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni hökmünde bellenilýär. Şu ýyl bu senäniň bellenilmegine aýratyn üns berilmeginiň sebäbi, 2020-nji ýylda BMG-niň döredilmeginiň 75 ýyllygyna gabat gelmegidir.
BMG birnäçe halkara guramalaryndan ybaratdyr. Esasy iş ugurlarynyň biri bolan daşky gurşawy goramak we ekologik deňagramlylygy saklamak boýunça işini 1965-nji ýylda döredilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) alyp barýar. BMGÖM Türkmenistanda ýurduň daşky gurşawy goramak boýunça syýasatynyň durmuşa geçirilmegini goldaýar.
BMGÖM Türkmenistanda Bütindünýä ekologiýa gaznasy (GEF), BMG-niň Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasy (UNEP), BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO), BMG-niň azyk we oba hojalyk guramasy (FAO), Merkezi Aziýanyň Sebit ekologiýa merkezi (CAREC), Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ), Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasy (AHHG) ýaly halkara guramalary bilen bilelikde, birnäçe döwrebap ekologiýa taslamalaryny durmuşa geçirýär.
BMGÖM Türkmenistanda birnäçe taslamalary durmuşa geçirýär we howanyň üýtgemegi boýunça milli maksatnamalara goşant goşýar. BMGÖM 2019-njy ýylda tassyklanan howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň rejelenmegine işjeň gatnaşdy. BMG-niň Ösüş Maksatnamasy, şeýle-de Türkmenistanyň energiýa netijeliligi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri baradaky täze kanunlaryň taslamasyny işläp düzmäge goşant goşdy.
BMGÖM, şeýle hem häzirki zaman ekologiýa gözegçiligi ulgamynyň kämilleşmegine goldaw berýär, hususan-da guramanyň goldawy bilen Aşgabatda we welaýat merkezlerinde howanyň hapalanmagyna gözegçilik edýän enjamlar satyn alyndy.
BMGÖM Daşoguz we Lebap sebitlerinde suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirýär. Häzirki wagta çenli taslama umumy meýdany 12 müň gektardan gowrak oba hojalyk ýerlerini, şeýle hem 105 müň gektardan gowrak tebigy öri meýdanlaryny netijeli dolandyrmagy amala aşyrmaga kömek etdi.
Şol bir wagtda hem, BMGÖM Türkmenistanda suw baýlyklaryny durnukly dolandyrmaga gönükdirilen taslamalary durmuşa geçirýär.
- Her welaýatda bir sany 2.5 esse az energiýa sarp etmäge mümkinçilik döredýän döwrebap nasos stansiýalarynyň jemi bäş sanysy oturdyldy;
- Kaka etrabynda 15 km ýerasty suw akdyryjy ulgamy guruldy;
- Garagumyň uzak ilatly ýerlerinde umumy kuwwaty 10 kWt bolan gün energiýasy ulgamlary oturdyldy.
BMGÖM Türkmenistanda mundan beýläk hem daşky gurşawy öwrenmäge we goramaga hem-de Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen giňişleýin ekologiýa hyzmatdaşlygyny goldamaga taýýardyr.