Aşgabat hususy pudagyň dikeldilmegi boýunça YHÖG-niň geçiren duşuşygyna gatnaşdy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat hususy pudagyň dikeldilmegi boýunça YHÖG-niň geçiren duşuşygyna gatnaşdy
Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy Merkezi Aziýa ýurtlarynda hususy pudagyň dikeldilmegine ýardam bermeklige bagyşlanan sebitleýin gepleşik geçirdi.

Çarşenbe güni Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) Merkezi Aziýa ýurtlarynda hususy pudagyň dikeldilmegine ýardam bermeklige bagyşlanan sebitleýin onlaýn gepleşik geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.

Ministrler derejesinde geçirilen onlaýn gepleşige YHÖG-niň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Başlangyjyna gatnaşyjy ýedi ýurduň çökgünlige garşy çäreleriň işlenilip düzülmegine we durmuşa ornaşdyrylmagyna jogapkär döwlet edaralarynyň ýokary wezipeli wekilleri, hususy pudagyň wekilleri, halkara bilermenler, Ýewropa Bileleşiginiň, YHÖG-niň we beýleki halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wekilçilik etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda YHÖG-niň Sekretariatynyň halkara gatnaşyklary boýunça direktory Andreas Şaal, ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili, ilçi Peter Buriýan, YHÖG-niň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça Başlangyjyna gatnaşyjy ýurtlaryň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy ýurduň Hökümeti tarapyndan milli ykdysadyýetiň durnuklylygyny hemmetaraplaýyn goldamak üçin durmuşa geçirilýän çäreleri aýratyn belläp, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçiliklerini, şol sanda bilelikdäki çözgütleriň gözlenilmegi we çökgünlige garşy syýasatyň işlenilip düzülmeginiň mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşdy.

Mundan başga-da, gepleşigiň çäklerinde ugurdaş ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi, ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Hökümetleri tarapyndan milli ykdysadyýetiň goldanylmagy we hususy pudagyň dikeldilmegi ugrunda durmuşa geçirilen çärelere bagyşlanyldy.

Wekiliýetler, şonuň ýaly-da koronawirus çökgünliginiň meselelerine we ony ýeňip geçmegiň usullaryna bagyşlanan sorag-jogap alyşmalaryna hem gatnaşdylar. Şeýle-de gatnaşyjylar kiçi we orta telekeçiligiň (KOT) çökgünlik ýagdaýlaryndan soňky goldawy we KOT ulgamyndaky syýasatyň orta we uzakmöhletleýin maksatlaryna täsiri barada gürrüň etdiler.

2022