Türkmenistanyň Himiýa instituty hususy pudagyň wekilleri bilen işjeň gatnaşýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň Himiýa instituty hususy pudagyň wekilleri bilen işjeň gatnaşýar
Türkmenistanyň Himiýa instituty oýlap tapyşlarynda ýerli çig maly ulanmaga üns berýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde (TSTB) Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary bilen ýerli işewür wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti duşenbe güni habar berýär.

Duşuşygyň barşynda alymlar telekeçileri importyň ornuny tutýan çig mallardan hem-de materiallardan öndürip boljak täze önümler bilen tanyşdyrdylar. Hususy pudagyň wekilleri öz gezeginde importyň ornuny tutjak önümleri öndürmekde tehnologiýalaryň haýsy görnüşini girizmäge taýýardygyny aýtdylar.

Alymlar özleriniň çykyşlarynda ýerli çig maldan alnan 10-dan gowrak himiki serişdeler barada aýdyp geçdiler. Olaryň hataryna mis sulfaty, suwy arassalamak üçin koagolant, izopropil spirti, ýerüsti işjeň maddalar (sufaktanlar), magniý oksidi, boýaglar we laklar üçin erginler, işjeňleşdirilen kömür, haýwan we guş iýmleriniň goşundylary girýär.

Himiýa institutynyň uly ylmy işgäri Goçmyrat Amannazarowyň aýtmagyna görä, alymlar telekeçilere diňe täze önümleri hödürlemek bilen çäklenmän, eýsem, olaryň önümçiligini ýola goýmaga hem-de önümçilik ulgamyny döretmäge ýardam berýärler.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurduň ylmy-barlag edaralarynyň ilkinjileriniň biri bolup, doly hojalyk hasaplaşygyna geçdi. Täze düzüme laýyklykda, institutyň bölümleri barlaghanalaryň 4-sini we bölümleriň 4-sini öz içine alýar. Olar buýurmalary we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň hasabyna öz-özüni maliýeleşdirer.

Institut hojalyk hasaplaşygyna 2014-nji ýylda bölekleýin geçdi. Şonda hojalyk-şertnamalaýyn esasda ýerine ýetirilen hyzmatlardan alnan girdejiniň möçberi 1 million manada deň boldy. 2019-njy ýylda bu görkeziji 4 million 365 müň manada çenli artdy.

2022