Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Aşgabatda birbada bäş dükan açdy

BIZNES TÜRKMENISTAN

Aşgabat şäherinde çarşenbe güni Dokma senagaty ministrliginiň bäş sany söwda dükanlarynyň täze toplumy açyldy. Şeýle-de ministrlik Balkan welaýatynyň Gumdag şäherinde hem täze dükan açdy. Bu barada “Altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.

Täze dükanlarda Türkmenistanda öndürilýän ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli, içeri we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan dokma önümleriniň dürli görnüşleri alyjylara hödürlenilýär.

Dükanlarda soňky döwürde giň meşhurlyga eýe bolan milli söwda nyşanly harytlary satyn almak mümkindir. Olaryň hatarynda Gökdepäniň dokma toplumynyň “Gala”, Aşgabadyň dokma toplumynyň “Goza”, Türkmenbaşy jins toplumynyň “Bedew” haryt nyşanly önümleri, Marynyň “Ýeňiş” fabriginiň önümleri, Aşgabadyň panbarhat matasyny öndürýän fabriginiň we beýlekileriň önümleri bar.

Türkmen dizaýnerleri öz işlerinde ilkinji nobatda ilatyň möwsümleýin isleglerini nazarda tutup, dünýä meýillerine laýyklykda, lybaslaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlaýarlar we önümçilige hödürleýärler.

Erkekler we zenanlar üçin tomus möwsümine niýetlenen egin-eşikler, şeýle hem her bir ýokary okuw mekdebiniň aýratynlyklary hasaba alnyp hem-de milli bezegleriň görnüşlerinden peýdalanylyp, talyplar üçin öndürilýän sport lybaslary hem alyjylara ýetirilýär.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň öndüren önümleriniň möçberi şu ýylyň ýanwar – maý aýlarynda 2.3 göterim ýokarlandy diýip, “Türkmenistan” gazeti habar berýär.