Aşgabat bilen Moskwa haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak meselesine seretdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat bilen Moskwa haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak meselesine seretdi
Türkmen-rus Hökümetara topary haryt dolanyşygynyň möçberini ýokarlandyrmak hem-de ugurlaryny giňeltmek boýunça maslahat etdiler.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-rus Hökümetara toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisi boldy. Anna güni geçirilen mejlise iki ýurduň esasy pudaklarynyň ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady, maliýe-bank we nebitgaz toplumlarynda, elektroenergetika, himiýa senagatynda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda, oba hojalygynda we başga-da birnäçe pudaklarda ýola goýulýan gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Haryt dolanyşygynyň möçberini ýokarlandyrmak hem-de ugurlaryny giňeltmek, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, telekeçilik ulgamyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmek esasy ugurlar hökmünde görkezildi.

Şeýle hem saglygy goraýyş ulgamynda özara gatnaşyklaryň, şol sanda ýokançly keselleriň öňüni almak babatda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi, ählumumy koronowirus pandemiýasy bilen baglylykda görlen çäreleriň derwaýysdygy we netijelidigi bellenildi.

Toparlara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk ýolbaşçylyk etdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ikitaraplaýyn resminama gol çekmek dabarasy geçirildi.

2022