Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň tertibi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň tertibi
Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy döwlet eýeçiligindäki emlägiň fiziki we döwlete degişli bolmadyk ýuridik şahslaryň eýeçiligine muzdly berilmegidir.

Türkmenistanyň “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” kanuny, eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär hem-de Türkmenistanda telekeçiligiň ösdürilmegine we maýa goýumlarynyň çekilmegine hem-de netijeli durmuş häsiýetli bazar ykdysadyýetiniň ösdürilmegi üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.

Esasy düşünje

Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy – döwlet kärhanasynyň esaslandyryjysy döwlet bolan ýa-da esaslandyryjylarynyň biri döwlet bolmaly paýdarlar jemgyýetine ýa-da beýleki guramaçylyk-hukuk görnüşli kärhana öwrülmegidir.

Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy – döwlet eýeçiligindäki emlägiň fiziki we (ýa-da) döwlete degişli bolmadyk ýuridik şahslaryň eýeçiligine muzdly berilmegidir.

Türkmenistanyň eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda kanunçylygy

Türkmenistanyň eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de Türkmenistanyň “Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda” kanunyndan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň esasy ýörelgeleri

Şu aşakdakylar eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň esasy ýörelgeleri bolup durýar:

  • eýeçilik döwletiň garamagyndan aýrylanda we döwletiň emlägi hususylaşdyrylanda raýatlaryň hukuklarynyň deňligi;
  • eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy boýunça çäreleriň bäsleşik esasynda geçirilmegi;
  • eýeçilik döwletiň garamagyndan aýrylanda we döwlet emlägi hususylaşdyrylanda işgärleriň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegi;
  • eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň aýanlygy;
  • eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň barşynda döwlet we jemgyýetçilik gözegçiliginiň üpjün edilmegi.

BT Hukuk bölümi