TNGIZT ýol bitumynyň önümçiliginde türkmen alymlarynyň tapan serişdesini ulanar

BIZNES TÜRKMENISTAN
TNGIZT ýol bitumynyň önümçiliginde türkmen alymlarynyň tapan serişdesini ulanar
Täze işlenip tapylan serişde TNGIZT-iň geljekki ösüş maksatnamasyna girizildi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda (TNGIZT) düzüminde köp parafin saklaýan nebitden alynýan ýol bitumynyň häsiýetlerini gowulandyrmagyň usulynyň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň elektron gazeti penşenbe güni habar berýär.

Habara görä, täze serişde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty tarapyndan işläp taýýarlanyldy we TNGIZT-iň geljekki ösüş maksatnamasyna girizildi.

Türkmen alymlarynyň bu oýlap tapyşy ulag akymlarynyň artýandygy sebäpli gara ýollaryň asfalt-beton örtükleriniň ulanylyş häsiýetlerine bolan talaplaryň ýokarlanýandygy bilen berk baglydyr.

Institutyň işgärleri inertli gazyň gurşawynda gudrony gaýtadan işlemek arkaly ýol bitumyny almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Tejribäniň dowamynda barlaghana enjamynda şepbeşikligi, temperaturanyň üýtgemegine çydamlylygy, berkligi, maýyşgaklygy boýunça ýokary ülňülere gabat gelýän galyndy bitumy alyndy.

Mundan başga-da, gudron gaýtadan işlenilende parafinler we ýaglar ýaly goşmaça önümler bölünip çykýar. Olar nebiti gaýtadan işlemegiň netijesinde alynýan beýleki önümleri öndürmek üçin çig mal hökmünde ulanylyp bilinýär.

2022