Türkmen himiýaçylarynyň işläp taýýarlamalary: berk polat, sement, briket görnüşli üzärlik

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen himiýaçylarynyň işläp taýýarlamalary: berk polat, sement, briket görnüşli üzärlik
Balkan welaýatyndaky “Ufra” käninden alynýan ýerli çig maldan taýýarlanýan serişde sement önümçiligini artdyrar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň işgärleriniň barlaglarynyň ileri tutulýan ugurlaryna mineral, gidromineral we uglewodorod çig malyny toplumlaýyn gaýtadan işlemegiň tehnologik esaslaryny işläp düzmek degişlidir.

Ýurduň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklarynyň kärhanalary bilen hojalyk-şertnama esasynda hyzmatdaşlyk saklaýan institutyň barlaghanalary innowasion çözgütleri hödürleýär. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti penşenbe güni habar berýär.

Ferrosilisiý-41 – ýerli çig maldan ergin

“Himiýa önümçiliginiň tehnologiýalary” barlaghanasynyň hünärmenleri Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň kärhanalarynda öndürilýän poladyň berkligini has-da ýokarlandyrmak üçin himiki garyndynyň taýýarlanyş usulyny işläp düzdi.

Ferrosilisiý diýip atlandyrylýan kremniý-demir ergini “Türkmendemirönümleri” zawodynda synag etmek ýoly bilen ýerli çig maldan alyndy. Synag ergininiň berklik babatda ýokary görkezijilere eýedigini görkezdi.

Ferrosilisiýi öndürmek üçin Himiýa institutynyň barlaghanasynyň işgärleri ýerli çig maly, ýagny Kaka etrabynyň Mäne käninden alnan kwars çägesini, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alnan gyzan koksy we grafiti, demir kärhanasyndan alnan demir owuntygyny we köýügi ulandy. 

Bazalt goşundylary sementiň önümçiligini artdyrdy we çykdajylaryny azaltdy

Himiýa institutynyň ylmy işgäri, himiýa ylymlarynyň kandidaty R.Nurberdiýew tarapyndan işlenip taýýarlanylan işjeň mineral goşundylaryň ulanylmagy Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň zawodlarynda sement önümçiligini 20% artdyrmaga mümkinçilik berdi.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy alymyň işini oýlap tapyş diýip ykrar etdi we oňa patent berdi.

Hünärmeniň teklibi boýunça, klinkeriň we gipsiň garyndysyna önüm öndürijiler owradylan bazalt porfiritleri – Balkan welaýatyndaky “Ufra” käninden alynýan ýerli çig maly goşup başlady. Bu diňe sement önümçiligini artdyrmaga däl, eýsem sementiň hilini ýokarlandyrmaga , şeýle-de çig mala, elektrik energiýa, gaza gidýän çykdajylary azaltmaga mümkinçilik berdi. Howa zyňylýan zyýanly taşlandylar hem azaldy.

Häzirki wagtda mineral goşundylaryň synaglaryny geçiren Lebap sement zawody 400-G20-K kysymly semente hil şahadatnamasyny aldy. Bu günki günde önüm öndürijiler we alymlar 500-G20-K kysymly sementi öndürmegiň üstünde işleýär.

Briket görnüşli üzärlik

Himiýaçy alymlar guradylan üzärlikden briketleri taýýarlamagyň usulyny işläp düzdi. Üzärligiň baldagynda we ýapraklarynda bedene bejeriji täsirini ýetirýän, adatdan daşary ýokary fiziologik işjeňligine eýe bolan çylşyrymly birleşmeleriň – alkaloidleriň ençemesi saklanýar.

Briket almak üçin çyglandyrylyp owradylan otdan birmeňzeş garyndy alnyp, ol belli bir temperaturada we basyşda briket görnüşine getirilýär. Alnan briketler sowanyndan soň guradylýar we 90 gradusa çenli gyzdyrylýar. Dermanlyk çig maly iki sagatdan soň taýyn bolýar.

2022