Türkmenistan bilen Müsür söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan bilen Müsür söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmekçi
Kairde 2018-nji ýylyň noýabrynda ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-müsür Hökümetara toparynyň ikinji mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Müsüriň Daşary işler ministri Sameh Şukriniň arasynda penşenbe güni telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Diplomatlar türkmen-müsür gatnaşyklary bilen bagly birnäçe derwaýys meselelere garadylar. Syýasy-diplomatik gepleşikleriň ýokary derejesi hem-de halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşygyň oňyn tejribesi bellenildi.

Kärdeşler ýakyn geljekde iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda onlaýn görnüşinde geňeşmeleri geçirmekligiň zerurlygyny bellediler. 

COVID-19 pandemiýasyny we onuň durmuş-ykdysady taýdan zyýanly täsirlerini ýeňip geçmek bilen bagly meseleler boýunça hem pikir alşyldy. Bu dörän ýagdaýyň çözülmegi ugrunda iki ýurduň DIM-leriniň ýolbaşçylary gerek bolan ähli ylmy, maliýe we beýleki serişdeleriň ulanylmagynyň zerurdygyny bellediler.

Diplomatlar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň we ikitaraplaýyn haryt dolanşygynyň ösüşini üpjün etmegiň mümkinçiliklerine garadylar.

Söhbetdeşlikde ylym, bilim we medeniýet ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hem maslahat edildi. 

Ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-müsür toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde 11-nji iýunda Türkmenistanyň we Müsüriň wekilleriniň arasynda göni wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirilipdi.