“С5+1” formatyndaky duşuşykda owgan meseleleri we ykdysady gatnaşyklar maslahatlaşyldy

BIZNES TÜRKMENISTAN
“С5+1” formatyndaky duşuşykda owgan meseleleri we ykdysady gatnaşyklar maslahatlaşyldy
“С5+1” formatyndaky nobatdaky mejlisde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine seredildi. (Surat: Gyrgyzystanyň DIM-i)

Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-niň daşary işler ministrleriniň “С5+1” formatyndaky nobatdaky mejlisi sişenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Bu barada türkmen DIM-i habar berýär.

Gepleşige ABŞ-nyň Döwlet sekretary, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri gatnaşdylar.

Gatnaşyjylar syýasy-diplomatiki ugur boýunça özara hereketlere we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň esasy meselelerine seretdiler. Owganystandaky ýagdaýlaryň kadalaşdyrylmagy hem-de dürli pudaklar boýunça hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ugrunda bilelikdäki gurallaryň ýola goýulmagy mejlisiň dowamynda garalan esasy meseleleriň arasynda boldy.

Söhbetdeşlikde çykyş eden Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň owgan meselesi babatyndaky garaýyşlaryny beýan etdi. Ministr türkmen tarapynyň goňşy döwletdäki syýasy we durmuş-ykdysady ýagdaýynyň gowulandyrylmagy ugrundaky köptaraplaýyn formatlardaky hyzmatdaşlygy goldaýandygyny hem-de bu ugurda ýurduň ähli syýasy-diplomatiki mümkinçiliklerini giňden peýdalanmaga taýýardygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň meýdançasynyň ulanylmagynyň aýratyn ähmiýeti bellenildi.

Şeýle-de, mejlisiň dowamynda özara maýa goýumlaryň, sebitleýin infrastruktura, ulag-kommunikasiýa, durmuş we energetika ulgamlaryndaky taslamalaryň artdyrylmagynyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Taraplar saglygy goraýyş, energetika, ulag, daşky gurşawy goramak ugurlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça hem pikirlerini beýan etdiler.

2022