GDA-nyň Ykdysady geňeşi COVID-19-yň täsirlerini peseltmegiň meselelerine garady

BIZNES TÜRKMENISTAN
GDA-nyň Ykdysady geňeşi COVID-19-yň täsirlerini peseltmegiň meselelerine garady
GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 86-njy mejlisinde COVID-19 pandemiýasy zerarly ýüze çykan ýaramaz täsirleriň peseldilmegi boýunça pikir alşyldy. (Surat: GDA)

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 86-njy mejlisi sişenbe güni sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary wekilçilik etdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, mejlisiň barşynda döwletara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle-de Arkalaşygyň agza ýurtlaryň arasynda özara bähbitli gatnaşyklaryň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň pugtalandyrylmagynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şonuň ýaly-da, söhbetdeşligiň çäklerinde GDA-nyň agza döwletleriniň durmuş-ykdysady ýagdaýlary hem-de COVID-19 pandemiýasy zerarly ýüze çykan ýaramaz täsirleriň peseldilmegi boýunça mümkingadar köpçülikleýin çäreler dogrusynda pikirler alyşyldy.

Mejlisiň dowamynda Moskwa şäherinde Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisiniň çäklerinde GDA-nyň agza döwletleriniň sergi söwda merkezleriniň döredilmegi boýunça alnyp barylýan işler, 2016-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň karary bilen tassyklanan GDA-nyň agza döwletleriniň intellektual eýeçiligi bazarynyň döredilmeginiň we ösdürilmeginiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilişi hem-de beýlekiler bilen bagly meselelere seredilip geçildi.

Şonuň ýaly-da, 2020–2025-nji ýyllar üçin Halkara gatnawlarynda ýük daşamalarynyň durmuşa geçirilmeginde GDA agza döwletleriniň çäklerinde ulag howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň Strategiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň, 2020–2024-nji ýyllar üçin Onkologiki kesellere garşy göreşmek ulgamynda GDA gatnaşyjy döwletleriň hyzmatdaşlyk etmeginiň Konsepsiýasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça çäreleriň Meýilnamasynyň we beýleki birnäçe resminamalaryň taslamalary mejlise gatnaşyjylaryň garamagyna hödürlenildi.

Gepleşigiň gün tertibine girizilen meseleleriň ara alyp maslahatlaşylmagynyň jemleri boýunça hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça taraplaryň gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan birnäçe resminamalara gol çekildi.