Aşgabat we Moskwa gurluşyk materiallaryny üpjün etmegiň mümkinçiliklerine seretdiler

BIZNES TÜRKMENISTAN
Aşgabat we Moskwa gurluşyk materiallaryny üpjün etmegiň mümkinçiliklerine seretdiler
Russiýa Federasiýasynyň Söwda senagat edarasynyň Moskwa şäherindäki baş binasy

Türkmenistanyň we Russiýanyň Söwda-senagat edaralary tarapyndan bilelikde sişenbe güni “Russiýa-Türkmenistan: senagat we gurluşyk – hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikler” atly wideo konferensiýa gurnaldy. Bu barada TSTB habar berýär.

Türkmen tarapyndan gepleşiklere Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Söwda senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle hem beýleki degişli edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.  

Rus tarapyndan gepleşige ýurduň Söwda senagat edarasynyň wise-prezidenti Wladimir Padalko, Söwda senagat edarasynyň komitetiniň başlygynyň gurluşyk pudagyndaky telekeçilik boýunça orunbasary, Senagat jaý gurluşygy boýunça toparyň başlygy Mihail Kamenskiý, “Agropromalýans” kompaniýasy, Lipesk we Sankt-Peterburgyň söwda senagat edarasynyň wise-prezidentleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň aýna önümleriniň, magdan däl serişdeleriniň, polimer önümleriniň, şol sanda gaz betonynyň eksporty boýunça mümkinçilikleri hakyndaky tanyşdyrylyşy boldy.

“Türkmenturba” AGPJ-niň hojalyk-agyz suw üpjünçiligi, lagym ulgamlary, damjalaýyn suwaryş üçin turbalary üpjün etmekde bu düzümiň mümkinçiliklerini beýan edýän wideoşekili görkezildi, şeýle hem önümçilikde derwaýys bolan birnäçe materiallary satyn almakda özüniň zerurlyklaryny agzap geçdi.

Şeýle hem rus tarapyna izogamy, gipsokartony, turbalary we beýleki gurluşyk önümlerini üpjün etmek babatda türkmen telekeçileriniň eksport mümkinçilikleri hakynda habar berildi.

Russiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistanda öndürilýän gurluşyk materiallarynyň eksportyna uly gyzyklanma bildirdiler. Taraplar ýükleriň daşalmagyna aýratyn üns bermek bilen, ähli guramaçylyk we tehniki meseleleri öwrenmek barada ylalaşdylar.

2022