Sankt-Peterburgyň işewürleri türkmen bazary bilen gyzyklanýarlar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Sankt-Peterburgyň işewürleri türkmen bazary bilen gyzyklanýarlar
Sankt-Peterburgdan Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary, döwlet düzümleriniň hem-de olaryň garamagyndaky edaralaryň wekilleri onlaýn maslahata gatnaşdylar.

Göni aragatnaşyk arkaly sişenbe güni Türkmenistanyň we Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň işewür toparynyň arasynda geçirilen gepleşigiň gün tertibine özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meseleleri girizildi.

Türkmen tarapyna Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň hem-de Newanyň boýundaky şähere öz önümlerini eksport etmäge gyzyklanma bildirýän beýleki birnäçe ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary wekilçilik etdiler.

Sankt-Peterburgdan Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary, döwlet düzümleriniň hem-de olaryň garamagyndaky edaralaryň, senagat we gurluşyk serişdelerini, enjamlary, radioelektronika önümlerini öndürmek, telekommunikasiýalar hem-de ölçeýiş tehnikalar ulgamlarynda hem-de eksport we sergi işini guramak babatda işleýän kompaniýalaryň birnäçesiniň wekilleri aragatnaşyga çykdylar.

Onlaýn görnüşindäki gepleşikleriň barşynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de özara gatnaşyklaryň bar bolan uly kuwwatyndan netijeli peýdalanmak bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunda soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň, onuň ägirt uly kuwwatynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin ähli mümkinçilikleri döredýändigi nygtaldy.

Gepleşigiň çäklerinde türkmen tarapynyň wekilleri gurluşyk serişdelerini, dokma önümlerini, şeýle hem hususy önüm öndürijileriň köp görnüşli harytlaryny ibermekde öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.

Öz tarapyndan “Awangard” açyk paýdarlar jemgyýeti, Telekeçiligi ösdürmek we goldamak merkezi hem-de Newanyň boýundaky şäheriň türkmen bazarynda işlemäge gyzyklanma bildirýän beýleki işewür düzümleri eksport boýunça tekliplerini öňe sürdüler.

Söhbetdeşlige gatnaşyjylar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bilelikdäki işiň ugurlaryny anyklaşdyrmaga mümkinçilik berýän yzygiderli ikitaraplaýyn gepleşikleri dowam etmegiň wajypdygyny bellediler.