TNGIZT 3 million tonna golaý nebit çig malyny gaýtadan işledi

BIZNES TÜRKMENISTAN
TNGIZT 3 million tonna golaý nebit çig malyny gaýtadan işledi
TNGIZT ýylda 2 million tonna mazut almaga, 250 müň tonna suwuklandyrylan gazy we 230 müň tonna pes oktanly ýeňil benzini gaýtadan işlemäge niýetlenendir.

Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) ýylyň birinji ýarymynda 2 million 950 müň tonna golaý nebit çig malyny gaýtadan işläp, meýilnamany 103 göterim ýerine ýetirdi.

Türkmen nebitgaz pudagynyň internet gazetiniň sişenbe güni habar bermegine görä, TNGIZT awtobenzinleri, kerosinleri, dizel ýangyjyny, suwuklandyrylan gazy, nebit bitumyny, çalgy ýaglaryny we beýleki nebit önümlerini işläp taýýarlady.

Aýratynlykda alanyňda awtobenzini işläp taýýarlamak boýunça meýilnama 104.4 göterim, kerosin 101.3 göterim, dizel ýangyjy 105.1 göterim, polipropilen 105.9 göterim, çalgy ýaglary 104.7 göterim, suwuklandyrylan gaz 180.7 göterim ýerine ýetirildi.

Ýurduň iri nebitgaz toplumy ýylda 2 million tonna mazut almaga, 250 müň tonna suwuklandyrylan gazy we 230 müň tonna pes oktanly ýeňil benzini gaýtadan işlemäge niýetlenendir.

Habara laýyklykda, TNGIZT-de nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlaşdyrylmagy netijesinde nebit önümleriniň önümçiliginiň möçberini artdyrmaga mümkinçilik döredi.

Şeýle-de toplum alty aýyň dowamynda 45 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gazy eksporta taýýarlapdy. Bu bolsa, meýilnamada göz öňünde tutulan möçberiň 201 göteriminden ybaratdyr.

2022