Türkmenistan we Gazagystan söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we Gazagystan söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekçi
Türkmen we gazak DIM-leriniň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň giň toplumyny maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow çarşenbe güni Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirdi. Bu barada türkmen DIM-i habar berýär.

Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary sebit we halkara gün tertibi, şeýle-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda diplomatlar ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.

Abraýly sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki köptaraplaýyn özara hereketleriň meselelerine üns çekmek bilen, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň we Gazagystanyň global gün tertibiniň ähmiýetli ugurlary boýunça nukdaýnazarlarynyň hem-de gyzyklanmalarynyň ýakynlygyny belläp geçdiler. Halkara meýdançalaryndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi hem-de iki ýurduň başlangyçlarynyň özara goldanylmagy ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn bölegini düzdi. 

Ministrler pandemiýa garşy ähliumumy göreşi alyp barmak maksatlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we berkidilmegine gönükdirilen işjeň gatnaşyklaryň derwaýyslygyny hem nygtadylar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022