Onlaýn görnüşde penşenbe güni Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Merkezi bankynyň wekilleriniň hem-de Bütindünýä bankynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen maslahat СOVID-19 pandemiýasy döwründe kärhanalary goldamak babatda hökümet syýasatyna bagyşlandy.
TDH-nyň habar bermegine görä, wideoduşuşygyň gün tertibine СOVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmegiň çäreleriniň çäklerinde Ýewropada we Merkezi Aziýada kärhanalaryň durnuklylygyny pugtalandyrmak hem-de olara ýardam bermek meseleleri girizildi.
Gepleşige gatnaşyjylara Bütindünýä bankynyň degişli tanyşdyryş çäresi hödürlenildi.
“Türkmenistanda ählumumy çökgünligiň milli ykdysadyýete ýaramaz täsirine garşy durmak boýunça giň möçberli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini bellemek gerek” diýip, habarda aýdylýar.
Pikir alyşmalaryň barşynda duşuşyga gatnaşyjylar özara peýdaly gatnaşyklaryň tejribesini dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtadylar. Munuň özi netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigi bellendi.