Russiýanyň Wladimirsk oblasty Aşgabat bilen ykdysady hyzmatdaşlygy artdyrmakçy

BIZNES TÜRKMENISTAN
Russiýanyň Wladimirsk oblasty Aşgabat bilen ykdysady hyzmatdaşlygy artdyrmakçy
Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili bilen Wladimirsk oblastynyň wekilleri ykdysady gatnaşyklary ösdürmek barada söhbetdeşlik geçirdi.

Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow sişenbe güni Russiýanyň Wladimirsk oblastynyň wekilleri bilen onlaýn gepleşikleri geçirdi. Söhbetdeşlikde Türkmenistan bilen Wladimirsk oblastynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmek esasy mowzuklaryň biri boldy. Bu barada Wladimirsk oblastynyň administrasiýasynyň resmi internet sahypasy habar berýär.

Onlaýn gepleşiklere Wladimirsk oblastynyň Ykdysadyýet departametiniň ýolbaşçysy Denis Dawydow we Oba hojalyk departamentiniň ýolbaşçysy Konstantin Demidow, şeýle hem 33-nji regionyň Eksport goldaw merkeziniň hem-de birnäçe kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

“Soňky ýyllarda Wladimirsk oblasty Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär. Biziň regionymyz Türkmenistana harydyň 30-a golaý görnüşini eksport edýär. Türkmenistandan, esasan-da dokma önümleri we plastmassa import edilýär” diýip, Dawydow belledi.

Ýelizarow öz gezeginde Wladimirsk oblastynyň wekillerine 2021-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk hojalygynyň pudak sergisine gatnaşmagy, şeýle hem oblastyň gubernatorynyň hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň arasynda duşuşyk gurnamagy hödürledi.

Şeýle-de “KOSTROMA.TODAY” agentliginiň habar bermegine görä, Russiýanyň Wolga derýasynyň boýunda ýerleşýän Kostroma şäheri medeni we ykdysady gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen Türkmenistanda doganlaşmak şäherini gözleýär.

Habara görä, häzirki wagtda Kostroma şäheriniň 19 sany doganlaşan şäherleri bardyr. Şeýle-de Türkmenistan bilen bir hatarda, Kostroma şäheri Özbegistanda hem-de Azerbaýjanda doganlaşmak şäherlerini gözleýär.

2022