Türkmen kompaniýasy uzak obalary Gün panelleri bilen üpjün edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy uzak obalary Gün panelleri bilen üpjün edýär
“Täze energiýa” Ahal welaýatynyň çetki obalarynda dizel generatorlarynyň ýerine umumy kuwwaty 10 kWt bolan gün panellerini gurnady.

“Täze energiýa” hususy kärhanasy 2015-nji ýyldan bäri Türkmenistanda Gün panelleriniň taslamalaryny düzmek we olary gurnamak işleri bilen meşgullanýar. Bu barada penşenbe güni “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti habar berýär.

“Ýokary hilli Gün panelleri 25 ýyla çenli hyzmat edip bilýär. Bu döwürde panelleriň kuwwaty kem-kemden peselýär. Indiki 20 ýylyň dowamynda paneller asyl kuwwatynyň takmynan 80% öndürmäge ukyply bolýar. Şeýlelikde, gün panelleriniň umumy hyzmat ediş döwri 45 ýyla we ondan ýokary wagta barabardyr” diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy Nury Hydyrow gün panelleri barada gürrüň berdi.

BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikdäki “Türkmenistanyň suw hojalygyny durnukly ösdürmekde energiýadan we dikeldilýän energiýa çeşmelerinden netijeli peýdalanmak” taslamasynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Kelleli, Ýel we Bäşkak obalarynda dizel generatorlarynyň ýerine umumy kuwwaty 10 kWt bolan gün panelleri gurnaldy, diýip, habarda beýan edilýär.

Şeýle-de kompaniýa “Altyn Asyr” ÝGPJ-niň sargydy boýunça Ahal welaýatynyň çetki ýerlerinde öýjükli aragatnaşyk diňlerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmek üçin gün panellerini gurnady.

Hydyrowyň aýtmagyna görä, kompaniýa geljekde “Altyn asyr” türkmen kölüniň golaýynda kuwwaty 10MWt bolan gün elektrik stansiýasyny gurmagy meýilleşdirýär. “Şeýle-de biz Türkmenistanda Gün panelleriniň önümçiligini ýola goýmakçy” diýip, işewür sözüniň üstüni ýetirdi.

“Glaas&Glaas” tehnologiýasy boýunça gün panellerini öndürmekde “Täze energiýa” hususy kärhanasy italýan kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022