Türkmenistan döwlete dahylsyz pudagyň wekilleriniň işlerini giňeldýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan döwlete dahylsyz pudagyň wekilleriniň işlerini giňeldýär
Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz hatarynda 24 müňden gowrak agzany birleşdirýär, olar ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda diýen ýaly işleýärler.

Ýylyň alty aýynda pudaklaryň işiniň jemlerine bagyşlanan hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öňde durýan işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda ykdysadyýetiň döwlete degişli däl ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly wezipeleriň toplumyny belläp geçdi.

TDH-nyň penşenbe güni habar bermegine görä, türkmen ykdysadyýetinde döwletiň paýyny azaltmak we onda hususyýetçilik pudagynyň gatnaşygyny giňeltmek ileri tutulýan meseleleriň hatarynda durýar.

Habara laýyklykda, hususylaşdyrmaga degişli desgalaryň sanawyna ençeme pudaklaryň aýry-aýry döwlet kärhanalarynyň, köp sanly infrastruktura we beýleki desgalar girizildi. Bu işde paýnamalar bazaryny ösdürmek, bazar gaznalaryny we anyk söwdalary gurnamak esasy maliýe gurallary hökmünde kesgitlenildi.

Energetika pudagynyň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça täze taslamalary durmuşa geçirmegiň, elektrik energiýasyny öndürmek we daşarky bazarlara ibermek, şeýle hem awtoulag ýollarynyň durkuny täzelemek meselelerine ünsi çekip, döwlet Baştutany gysga möhletlerde bu işlere ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesini (TSTB) çekmegiň mümkinçiliklerini öwrenmegi tabşyrdy.

Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow halkara söwda ulgamyndaky we harytlary ýerlemek babatyndaky iň gowy tejribeleri öwrenip, daşarky bazarlardaky islegi öwrenmegiň möhümdigini nygtap, orta we kiçi telekeçilige giň goldaw bermek syýasatynyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Häzirki wagtda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi öz hatarynda 24 müňden gowrak agzany birleşdirýär, olar ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda diýen ýaly işleýärler. TSTB-niň döredilmeginiň 12 ýylynyň dowamynda iri taslamalaryň ençemesi durmuşa geçirildi.

Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2019-njy ýylyň oktýabrynda kabul edilen “Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hakynda” Kanunyň rejelenen görnüşinde TSTB-niň hukuklary giňeldildi, birleşmäniň hukuklary we borçlary takyklandy.

Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji fewralda Karara gol çekip, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna fiziki we ýuridiki taraply telekeçiler tarapyndan amala aşyrylýan taslamalary maliýeleşdirmek üçin OPEK Halkara ösüş gaznasy bilen karz pul şertnamasyny baglaşmaga rugsat berdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýyl gol çeken, döwlet serişdelerinden ABŞ-nyň 1.5 milliard dollaryna golaý pul serişdesini bölüp bermek baradaky Karary hem Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkeziniň gurluşygyny üstünlikli durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

5-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçilik işini höweslendirmegiň möhümdigini belläp, ykdysadyýetiň telekeçilik pudagyny döwlet tarapyndan goldamak boýunça nobatdaky çäreleri işläp düzmegi we degişli teklipleri hödürlemegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň pudaklaryň ýarym ýyldaky işleriniň jemlerine garalan mejlisinde ýurt Baştutany ýer böleklerini bermegiň tertibini ýönekeýleşdirmek, telekeçiler üçin karz bermek, gümrük we söwda amallaryny ýerine ýetirmegi ýeňilleşdirmek barada tabşyryk berdi.

Ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda eksport üçin şertleri ornaşdyrmak arkaly sebitlerde erkin ykdysady zolaklary çalt depginlerde döretmek, wizalar boýunça ýeňillikleri girizmegiň mümkinçiliklerini, ýer böleklerini hasaba almagy, resmileşdirmegi, karz pul serişdelerini bermegi we özara hasaplaşyklary ýeňilleşdirmegi girizmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek kesgitlenildi.

Dünýäde COVID-19 pandemiýasynyň ýaýramagy bilen baglylykda, ykdysadyýetde ýüze çykan kynçylyklara seretmezden, ýurduň kiçi we orta telekeçiligi durnuklylygyny saklaýar. Mysal üçin, ýurtda öndürilýän önümleriň 66 göterimi hususy telekeçileriň paýyna düşýär. Şu ýylyň başyndan bäri döwlete dahylsyz pudagyň wekilleri senagat önümleriniň öndürilişiniň möçberlerini 18.9 göterim, oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişini bolsa, 28.7 göterim artdyrdylar.

2022