Ispan kompaniýasy türkmen demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak işine gatnaşar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Ispan kompaniýasy türkmen demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmak işine gatnaşar
“Ibertest” kompaniýasy Türkmenistana türkmen demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmagyň dört usulyny hödürledi.

Ispan kompaniýasy “Ibertest” türkmen demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmagyň üstünde işlär. Bu barada “Trend” habar agentligi anna güni habar berýär.

Habara görä, “Ibertest” kompaniýasy Türkmenistana türkmen demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmagyň dört usulyny hödürledi.

Bu meseläni ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen “Türkmendemirýollary” agentliginiň hem-de ispan kompaniýasynyň arasynda şu ýylyň mart aýynda duşuşyk geçirilmelidi, emma dünýäde COVID-19 pandemiýasynyň ýüze çykmagy bilen duşuşyk yza süýşürildi diýlip, habarda berilýär.

Kompaniýanyň wekiliniň aýtmagyna görä, taraplar duşuşygy geçirmegi meýilleşdirýärler, emma wagty entäk kesgitlenilmedi.

“Türkmendemirýollary” agentligi 2019-njy ýylyň awgust aýynda “Ibertest” kompaniýasy bilen agentligiň ýerli bölümlerinde ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmekde alnyp barylýan işiň hilini ýokarlandyrmak boýunça ylalaşypdy.

Baglaşylan şertnamanyň çäginde türkmen demir ýollary hem döwrebaplaşdyrylar.

2022