WTL TNGZIT-de haýalladylan kokslamak enjamlarynyň gurnamagyny dowam edýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
WTL TNGZIT-de haýalladylan kokslamak enjamlarynyň gurnamagyny dowam edýär
WTL kompaniýasynyň wekiliniň aýtmagyna görä, taslama 2019-njy ýylyň ahyrynda durmuşa geçirilip başlandy we meýilnama boýunça 2022-nji ýylda işe girizilmelidir.

“Westport Trading Europe Limited” (WTL) kompaniýasy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda haýalladylan kokslamak we gudrony deasfaltlamak enjamlaryny gurnamagyň işini alyp barýar. Enjamlaryň umumy bahasy 120 million ýewro barabardyr. Bu barada sişenbe güni “Trend” habar agentligi habar berýär.

Haýalladylan kokslamak enjamy ýylda 900 müň tonna önüm öndürmäge we gudrony deasfaltlamak enjamy bolsa, ýylda 500 müň tonna önüm öndürmäge ukyplydyr, diýip habarda berilýär.

WTL kompaniýasynyň wekiliniň aýtmagyna görä, taslama 2019-njy ýylyň ahyrynda durmuşa geçirilip başlandy we meýilnama boýunça 2022-nji ýylda işe girizilmelidir.

Mundan başga-da, kompaniýa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda kuwwaty ýylda bir million tonna çig nebiti gaýtadan işlemäge ukyply bolan “ELDAD-HT” desgasynyň gurluşygy üçin Türkmenistanda geçirilen halkara tenderiniň ýeňijisi boldy.

Ulanyşa beriljek täze enjamlar TNGIZT-de nebit koksunyň, benziniň, suwuklandyrylan gazyň we ýokary hilli ýol bitumynyň önümçiligini artdyrar.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022