Türkmen kompaniýasy himiýa serişdeleriniň täze görnüşlerini öndürmekçi

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy himiýa serişdeleriniň täze görnüşlerini öndürmekçi
“Türkmeniň rysgaly” kompaniýasy “Ak-Bulut” haryt nyşanly çygly süpürgiçleriň, gigiýena prokladkalarynyň, kir ýuwujy serişdeleriň we çaga arlyklaryň önümçiligi bilen tanalýar.

“Türkmeniň rysgaly” hususy kärhanasy bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda öz önümçilik meýdançasyny 3000 inedördül metre çenli giňeltdi. Häzirki wagtda kärhananyň önümçilik meýdançasynda Hytaýdan getirilen innowasion enjamlar oturdyldy. Bu barada sişenbe güni “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti habar berýär.

Hususy kärhana türkmen bazarynda “Ak-Bulut” haryt nyşanly çygly süpürgiçleriň, gigiýena prokladkalarynyň, kir ýuwujy serişdeleriň we çaga arlyklaryň önümçiligi bilen tanalýar.

Kompaniýanyň direktorynyň orunbasary Batyr Taganowyň aýtmagyna görä, häzirki wagtda kärhanada Hytaýdan getirilen tehnologiki enjamlary işe girizmek işleri alnyp barylýar. Bu bolsa, öndürilýän önümleriň sanyny artdyrmaga mümkinçilik döreder.

“Geljekde biz suwuk sabyn, şampun, duş üçin geli hem-de gap-gaç ýuwujy serişdeleri öndürmegi meýilleşdirýäris. Öndüriljek önümler kärhananyň özünde öndürilýän plastik gaplarda gaplanar. Sarp edijiler üçin diňe sabynyň 25 görnüşini we hojalyk sabynynyň 12 görnüşini öndürmekçi” diýip, Taganow belledi.

“Türkmeniň rysgaly” hususy kärhanasy 2016-njy ýylda döredilip, ol Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde ýerleşýär. Häzirki wagtda Mary şäherinde kompaniýanyň adyny göterýän ýeke-täk dükan hereket edýär.

2022