Türkmenistanyň teleradio edarasy “Sony” enjamlaryny satyn alar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň teleradio edarasy “Sony” enjamlaryny satyn alar
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti döwrebap teleradio enjamlaryny satyn alar.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak, gurnamak we ulanyşa girizmek barada Birleşen Arap Emirliklerindäki “Sony Professional Solutions MEA FZ-LLC” kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.

TDH-nyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şertnama baglaşmaga ygtyýar bermek hakyndaky Karara anna güni gol çekdi.

Bu Karara teleradioýaýlymlaryň alyp barýan işleriniň hilini ýokarlandyrmak, döwrebap teleradio enjamlaryny satyn almak, olaryň tehniki binýadyny berkitmek maksady bilen gol çekildi.

Dubaý şäherinde ýerleşýän “Sony Professional Solutions MEA FZ-LLC” kompaniýasy 1992-nji ýylda esaslandyryldy. Kompaniýa proýektorlar, kameralaryň tor ulgamlary, professional ses we wideo howpsuzlyk ulgamlary, dürli lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edýär.

2022