Türkmenistanyň serhet geçelgelerinde arassaçylyk kadalary berk berjaý edilýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistanyň serhet geçelgelerinde arassaçylyk kadalary berk berjaý edilýär
Serhetýaka awtoýollary, demirýollary gözegçilik geçiriş ýerlerinde hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda döwrebap zyýansyzlandyryş desgalary guruldy.

Koronawirus ýokanjynyň dünýäde ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanyň serhet geçelgelerinde gümrük amallaryna gatnaşýan gulluklar tarapyndan bu ýokanjyň ýurdumyza ýaýramagyna garşy durmak boýunça netijeli öňüni alyş çäreleri hem-de guramaçylyk işleri ýola goýuldy.

Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň (TDGG)anna güni habar berşi ýaly, döwlet serhediniň ähli gözegçilik-geçiriş nokatlarynda arassaçylyk we fitoarassaçylyk, weterinariýa gözegçilik ulgamynyň işiniň takyk ýerine ýetirilmegi gurnaldy we olar zerur bolan lukmançylyk enjamlar hem-de derman serişdeler bilen üpjün edildi.

Mundan başga-da, serhetýaka awtoýollary, demirýollary gözegçilik geçiriş ýerlerinde hem-de Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda döwrebap zyýansyzlandyryş desgalary guruldy. Häzirki wagtda bu zyýansyzlandyryş desgalar bilen, ýurdumyza gelýän awtoulaglarda we olaryň tirkeglerinde, demirýol wagonlarynda hem-de konteýnerlerde doly derejede zyýansyzlandyryş işleri geçirilýär. Goňşy döwletleriň serhet geçelgelerinde utgaşykly öňüni alyş – karantin işleriniň amala aşyrylmagynda tagallalar birikdirildi.

TDGG daşary ykdysady işleri döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek boýunça wajyp wezipeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşyp, ähli arassaçylyk-zyýansyzlandyryş düzgünleriniň berjaý edilmegini gazanyp, ýurdumyzyň üstünden ýükleriň bökdençsiz daşalmagyny üpjün etmäge ýardam berýär.

2022