“Serdar” halyçylyk kärhanasy 2,3 müň inedördül metre golaý haly öndürdi

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Serdar” halyçylyk kärhanasy 2,3 müň inedördül metre golaý haly öndürdi
“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň düzümine girýän çeper halyçylyk kärhanalarynda 5 müňden gowrak halyçy zenan zähmet çekýär.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Balkan welaýatyndaky “Serdar” çeper halyçylyk kärhanasynda şu ýylyň geçen döwründe pul hasabynda bitirilen işleriň möçberi 2 million 295 müň manatlyga golaýlady. Bu barada “Türkmenistan” gazeti şenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, şu ýylyň başyndan bäri kärhanada öndürilen önümleriň möçberi 2 müň 294 inedördül metre barabar bolup, ol meýilnamadakydan artykdyr.

Türkmenistanda çeper halyçylyk kärhanalarynyň sany yzygiderli artýar, mysal üçin Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda we Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde ýene-de iki kärhananyň gurluşygy alnyp barylýar. Şeýle-de Aşgabat şäherinde çeper halyçylyk kärhanasynyň täze binasynyň açylyşyna taýýarlyk görülýär.

Ýakyn wagtda Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda we Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda hem häzirki zaman haly kärhanalarynyň açylyş dabaralary bolar.

“Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň düzümine girýän çeper halyçylyk kärhanalarynda 5 müňden gowrak halyçy zenan zähmet çekýär.