Türkmenistan BSG agza bolmagyň halkara tejribesini öwrenýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan BSG agza bolmagyň halkara tejribesini öwrenýär
Türkmenistana BSG-nyň synçysy derejesi 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda berildi.

Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) guramagynda “Bütindünýä Söwda Guramasynda agzalygyndan gelip çykýan mümkinçilikleri we borçnamalary” atly üç günlik onlaýn maslahaty öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Çarşenbe güni badalga alan okuw maslahatynyň esasy maksady Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmak boýunça gepleşikleriň geçirilmeginde ÝHHG gatnaşyjy döwletleriniň tejribelerini öwrenmekden, şeýle hem milli söwda syýasatyny has-da kämilleşdirmek üçin geljekki ädimlere goldaw bermekden ybaratdyr.

“Biziň maslahatymyz ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň sebitleýin hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we söwda ulgamynyň düzgünleriniň ýeňilleşdirilmegine bütewi çemeleşmeginiň mysaly bolup durýar hem-de biz kabul edýän ýurduň Hökümeti bilen ykdysady howpsuzlygy we durnuklylygy saklamaga gönükdirilen işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmäge ygrarlydyrys” diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd nygtady.

Çäräniň dowamynda BSG-nyň wekili Guramanyň gurluşy, wezipeleri we onuň agzalygyna kabul edilişi baradaky çözgütleriň esasy ýörelgeleri barada gürrüň berdi. Gruziýadan we Çernogoriýadan gatnaşýan halkara bilermenleri hem bu meseleler boýunça tejribelerini paýlaşdylar.

Okuw maslahatyna Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň, şol sanda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, şeýle hem maliýe edaralarynyň we beýleki guramalaryň ygtyýarly wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistana BSG-nyň synçysy derejesi 2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda berildi.

2022