Rumyniýa türkmen önümlerine gyzyklanma bildirýär

BIZNES TÜRKMENISTAN
Rumyniýa türkmen önümlerine gyzyklanma bildirýär
Rumyniýa türkmen senagat, dokma we haly önümlerini ibermek barada tekliplere seredildi.

Sişenbe güni Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Prahowa uezdiniň Söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň arasynda onlaýn gepleşikler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) habar berýär.

Gepleşiklere TSTB-niň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri hem-de iki ýurduň iri kompaniýalarynyň hünärmenleri hem gatnaşdylar.

Gepleşikleriň dowamynda TSTB öz agzalarynyň eksport kuwwaty bilen tanyşdyrdy. Hususan-da, ulag-logistika we IT-tehnologiýalar pudaklarynyň mümkinçilikleri barada “Meno Logistics” we “Akylly Tilsimat” ýaly hususy kärhanalaryň hünärmenleri gürrüň berdiler.

Iri rumyn kompaniýalary öz gezeginde nebitgaz, inžiniring we beýleki pudaklarda ykdysady we eksport kuwwaty bilen tanyşdyrdylar.

Mundan başga-da, Rumyniýa türkmen senagat, dokma we haly önümlerini ibermek barada tekliplere seredildi.

Rumyn tarapy özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Türkmenistan bilen işjeň gatnaşyklara gyzyklanmasyny beýan edip, türkmen kärdeşlerini COVID-19 zerarly çäklendirmeler aradan aýrylandan soňra bilelikdäki işewürler maslahatyna gatnaşmaga Rumyniýa gelip görmäge çagyrdy.

Gepleşiklere şeýle hem Türkmenistanyň Rumyniýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Annamämmet Annaýew gatnaşdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022