“Akar” haryt nyşanly jorap önümleriniň eksporty artýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
“Akar” haryt nyşanly jorap önümleriniň eksporty artýar
Kärhanada her aýda dürli görnüşli joraplaryň 500 müň jübüti öndürilýär.

2020-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlary aralygynda “Akar” haryt nyşanly jorap önümleriniň 570 müňe golaý jübüti eksport edildi. Haryt tapgyrlary esasan Russiýa Federasiýasyna we Gazagystan Respublikasyna iberildi diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullygynyň resmi internet sahypasynda sişenbe güni habar berildi.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň senagat zolagynda ýerleşýän telekeçi Serdar Annakowa degişli kärhananyň önümçilik bölümlerinde Italiýanyň kompaniýalarynyň ýokary tehnologiýaly enjamlary gurnalandyr.

Kärhanada her aýda dürli görnüşli joraplaryň 500 müň jübüti öndürilýär. Zerur çig mal serişdeleri bolan ýüplükler Kaka etrabyndaky “Serdar” pagta egriji fabriginden şertnama esasynda satyn alynýar hem-de boýalandan soňra, önümçilikde ulanylýar.

2018-nji ýylda gurlup, işe girizilen önümçilik kärhanasynda 100-e golaý işgär zähmet çekýär.