Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň gümrük amallarynyň ýeňilleşdirilmegi we sazlaşyklygy hakynda Halkara konwensiýa (Kioto konwensiýasy) goşulmagy hakyndaky teklibi goldady.
TDH habarlar agentliginiň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň ulag diplomatiýasy ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen konwensiýa goşulmak baradaky teklip anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow tarapyndan hödürlendi.
Habarda bellenilişi ýaly, konwensiýa goşulmaklyk Türkmenistana özara bähbitli hyzmatdaşlygyň hem-de söwda gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam berer.
Hormatly Prezidentimiz ulag-kommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm şertleriniň biridigini belledi. Bu strategik ulgamda ägirt uly kuwwata eýe bolan Türkmenistan köptaraply hyzmatdaşlygyň netijeli we özara ylalaşykly çemeleşmelerini işläp taýýarlamak ugrunda çykyş edýär.
1973-nji ýylda kabul edilen Kioto konwensiýasy gümrük pudagyndaky iň möhüm halkara hukuk resminamalarynyň biri bolup, ol gümrük syýasatynyň bütewi ýörelgelerini döretmegi maksat edinýär.