Türkmenistanda plastmassa we polietilen önümleriniň öndürijisi “Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýeti polietilen torbajyklarynyň, şol sanda zir-zibil torbajyklarynyň hem önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Ahal durmuşy” gazeti duşenbe güni habar berdi.
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy 2,5 gektara barabar meýdany eýeleýär diýip, welaýat gazeti belleýär.
Kärhananyň plastmassa önümçilik bölüminde gül oturdylýan gaplar, susak, çagalar üçin şekilleri düzýän oýunjaklar, boýag guýmaga niýetlenen gaplar, süýt önümleri, nahar we dürli tagamlar üçin gaplar hem-de hojalykda ulanylýan beýleki harytlar öndürilýär. Mundan başga-da, bu ýerde azyk we azyk däl önümleriniň gaplamalary hem-de haryt nyşanlary ýaly çap önümleriniň önümçiligi hem ýola goýlandyr.
Kompaniýa önümleri diňe ýerli bazarlarda ýerlenmän, eýsem daşary ýurtlara hem eksport edilýär.
“Türkmen şöhle” hojalyk jemgyýeti 2016-njy ýylda esaslandyryldy. Bu ýerde 100-den gowrak hünärmen zähmet çekýär we işler üç çalşykda alnyp barylýar.