Nebite bolan islegiň 2019-njy ýylda iň ýokary derejä ýetendigi çaklanylýar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Nebite bolan islegiň 2019-njy ýylda iň ýokary derejä ýetendigi çaklanylýar
BP energetika kompaniýasy indiki 30 ýylyň dowamynda nebite bolan islegiň peselmegini çaklaýar. (Surat: "AP")

Nebite bolan isleg 2019-njy ýylda iň ýokary derejä ýetendigi ähtimal diýip, BP iri energetika kompaniýasy duşenbe güni çap eden her ýylky “Energy Outlook” hasabatynda habar berdi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, hasabatyň esasy netijesi nebitiň sarp edilişi pandemiýadan öňki derejä hiç haçan ýetmez diýen çaklamadan ybaratdyr. Muňa diňe pandemiýa sebäp bolman, eýsem ýokanjyň ýaýramagyndan has ir ýüze çykan faktorlar hem bardyr.

Täze hasabatynda kompaniýa energiýanyň sarp edilişiniň üç ssenariýi beýan edilip, olaryň ählisinde indiki 30 ýylyň dowamynda nebite bolan islegiň peselmegini çaklaýar. BP-niň aýtmagyna görä, peselmegiň gerimi we depgini awtoulag ýük daşamalaryň netijeliliginiň artdyrylmagyna we elektrifikasiýalaşdyrylmagyna bagly bolar.

Nebit pudagy üçin iň oňaýly ssenariýi adaty ýagdaýyň ösüşi bolup durýar. Bu çaklama laýyklykda, pandemiýadan soň isleg dikeldilýär, emma soň 2025-nji ýylda durnuklaşdyrylýar we 2030-njy ýyldan soň peselip ugraýar.

Beýleki iki ssenariýde hökümetler tarapyndan uglewodorod zyňyndylaryň peseldilmegi boýunça möhüm çäreler durmuşa geçirilýär we netijede jemgyýetiň durmuşynda uly üýtgeşmeler döreýär. Şeýlelikde, pandemiýa zerarly peselen isleg hiç haçan dolulygyna dikeldilmeýär. Bu diýmek, nebite islegiň iň ýokarky derejesi – bir günde 100 million barrel dereje 2019-njy ýylda bolup geçdi.

Koronawirus ýokanjynyň ikilenç gaýtalanmagy netijesinde hökümetler tarapyndan giriziljek berk çäklendirmeler bu üýtgeşmeleriň hemişelik häsiýete eýe bolmaklygynyň ähtimallygyny ýokarlandyrýar. Mysal üçin, BP-niň çaklamalaryna görä, işini öýünde ýerine ýetirýän işgärleriniň sanynyň artmagy saklanyp, iş ýerlerine gatnamaga bolan islegi peselder.

Hasabata laýyklykda, gazylyp alynýan ýangyçlara islegiň peselmegi netijesinde gün we ýel energiýasy ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri has özüne çekiji bolar we olaryň öndürilişi 10 esse galar. Şol bir wagtyň özünde, awtoulaglar, jaýlary ýylatmak we yşyklandyrmak üçin sarp edilýän elektrik energiýasynyň paýy iki esse artyp, 2050-nji ýyla çenli 45%-e çenli ýeter.

Täze hasabat geçen ýylyňka garanyňda has-da tapawutlanýar, ol hasabatynda BP nebite bolan islegiň 2030-njy ýyla çenli ýokarlanmagyna garaşýardy.

Mundan başga-da, duşenbe güni Nebiti eksport edýän ýurtlaryň guramasy (OPEK) nebite bolan dünýä islegiň öňki çaklamalar bilen deňeşdirilende şu ýyl has-da peselmegine garaşylýandygyny aýtdy.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022