Türkmenistan we HPG ykdysady ösüşiň meýillerini ara alyp maslahatlaşdylar

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmenistan we HPG ykdysady ösüşiň meýillerini ara alyp maslahatlaşdylar
Çärä gatnaşyjylar 2020-nji ýylyň oktýabr aýy üçin Halkara pul gaznasynyň “Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň geljegi” atly synyny taýýarlamak baradaky meselelere seretdiler.

Natalia Tamirisanyň  ýolbaşçylygyndaky Halkara pul gaznasynyň wekiliýetiniň hem-de Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň,  Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hem-de Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeleriň  nobatdaky tapgyry geçirildi. Bu barada TDH anna güni habar berdi.

Geňeşmeleriň barşynda Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň meýilleri we çaklamalary ara alnyp maslahatlaşyldy, 2020-nji ýylyň birinji ýarymy üçin maglumatlar seljerildi, şeýle hem şu ýyl üçin Döwlet býujetini ýerine ýetirmek hem-de 2021-nji ýyl üçin býujetiň taslamasy boýunça kesgitlenen görkezijiler anyklanyldy.

Çärä gatnaşyjylar 2020-nji ýylyň oktýabr aýy üçin Halkara pul gaznasynyň “Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň geljegi” atly synyny taýýarlamak baradaky meselelere seretdiler. Onda ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistan boýunça ykdysady ösüşiň orta möhletli geljegine COVID-19 pandemiýasynyň ýetirýän täsirine baha berildi.

Duşuşygyň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynyň kuwwatynyň berkidilmegine maýa goýumlaryny artdyrmak boýunça ýurdumyzda görülýän toplumlaýyn çäreleriň möhümdigi aýratyn bellenildi.

Halkara pul gaznasy ykdysady özgertmeleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň hyzmatdaşy bolup durýar we durmuşa geçirilýän makroykdysady ähmiýetli özgertmeleri goldamak üçin tehniki kömegi berýär.

2022