Türkmen kompaniýasy çagalar üçin kir ýuwujy serişdeleriniň önümçiligine başlady

BIZNES TÜRKMENISTAN
Türkmen kompaniýasy çagalar üçin kir ýuwujy serişdeleriniň önümçiligine başlady
“Türkmen berk-metal” hususy kärhanasynyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 50 müň tonna barabar bolup, bu ýerde 50-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.

Türkmen bazarynda kir ýuwujy, agardyjy, tämizleýji, lagym açyjy önümleri bilen tanalýan “Türkmen berk-metal” hususy kärhanasy çagalar üçin kir ýuwujy serişdeleriniň önümçiligini ýola goýdy. Bu barada “Biznes reklama” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Arýa” we “Ari” haryt nyşanly bu önümler ekologiýa taýdan arassa bolup, önümler 360 gram agyrlykda gaplanýar. Çagalar üçin kir ýuwujy serişdeler ak hem-de reňkli eşikler üçin niýetlenendir.

Şeýle-de kärhanada çagalar üçin kir ýuwujy serişdeleri bilen ugurdaşlykda 400 ml hem-de 5 litr möçberde gaplanan “Arýa” haryt nyşany bilen antibakteriýal serişdeleri hem öndürilýär.

Mundan başga-da, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän bu kärhana özünde öndürýän himiki serişdeleri “Güneş”, “Emaý” hem-de “Sar” haryt nyşanlary bilen ilata hödürleýär. Şonuň ýalyda kärhana Özbegistan, Owganystan, Azerbaýjan we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlara eksporty hem ýola goýdy.

2019-njy ýylda döredilen “Türkmen berk-metal” hususy kärhanasynyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 50 müň tonna barabar bolup, bu ýerde 50-den gowrak hünärmen zähmet çekýär.